MEDENIÝET

Türkmen kompozitory Batyr Soltanowyň döredijilik agşamy geçirildi

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde meşhur türkmen kompozitory Batyr Soltanowyň 60 ýaş ýubileýine bagyşlanan döredijilik agşamy boldy.

Çärä mekdebiň mugallymlary we okuwçylar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler kompozitoryň döredijilik ýoly barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar Batyr Soltanowyň döredijiliginiň köp taraplaýyndygyny, ýazan sazlarynyň dürli žanrlaly içine alýandygyny, olaryň çeperçilik we mazmun taýdan öran baýdygyny bellediler. Agşamyň dowamynda mekdebiň mugallymlary we okuwçylary kompozitoryň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: