JEMGYÝET

Türkmen kinematograflarynyň düşüren täze filminde Astanababada surata düşürilen sýužetler hem bar

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde režissýor Wepa Işangulyýewiň surata düşüren «Çapar» atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy. Oňa kino muşdaklary, sungaty söýüjiler hem-de dürli ýaşdaky adamlar gatnaşdylar. Täze filmde taryhy wakalar açylyp görkezilýär. Film umumylaşdyrylan sýužetde bolup, onda Seljuk döwletiniň begleriniň biri Merwden Dehistana bir gerçek ýigidi synag hökmünde çapar ýollaýar. Çapar ýigit ýolda gabat gelýän dürli kynçylyklara döz gelmek bilen, özüne bildirilen ynamy ödemekde gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Film boýdan-başa çaparyň tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy hakyndadyr.

«Çapar» ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, ýagny Astanababa, Gökdepe, Nohur, Dehistan ýaly gadymy taryhy ýerlerde surata düşürilipdir. Filmde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky akademiki Baş drama teatrynyň, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri surata düşürdirler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: