JEMGYÝET

Türkmen kinematografistleri Daşkent festiwalyna gatnaşýarlar

Oguzhan adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti şu gün açylan we 18-nji sentýabra çenli dowam etjek Daşkent şäherinde geçirilýän «Ýüpek ýolunyň merjeni» XIV halkara kino festiwalyna gatnaşar.

Onda türkmen režisýorlary Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Wepa Işangulyýewiň «At-myrat» filmleri görkeziler.

Kino festiwalyna 500 töweregi sungat  işgärleri — kino ýyldyzlary, meşhur artistler, prodýuserler we kino tankytçylar, şonuň ýaly-da dünýäniň 40 ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini wekilleri gatnaşýarlar. Kino festiwalynyň geçirilýän günleri 150 iş görkeziler. Olaryň arsynda çeper, dokumental we gysga metražly filmler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: