Türkmen keşdeçilik sungatyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary hem-de Ahal welaýat häkimligi bilelikde guradylar. Halkara maslahata daşary ýurtlaryň birnäçesiniň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Halkara maslahata gatnaşyjylar medeniýet öýünde ýaýbaňlandyrylan milli öwüşginli sergi bilen tanyşdylar. Sergide nepislik bilen ýerine ýetirilen el işleriniň we haly önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Maslahatda türkmeniň gadymy däp-dessurlaryna, milli medeniýetine goýulýan sarpa, keşdeçilik sungatyna berilýän ähmiýet, türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyşlar edildi. Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan bolan wekilleriň onlaýn görnüşindäki çykyşlarynda türkmen keşdeçilik sungatynyň özboluşly aýratynlygy dogrusynda gürrüň edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector