BIZE YAZYARLAR

Türkmen keçesi halkymyzyň baý milli mirasy

Keçe türkmeniň amaly-haşam sungat daragtynyň beýleki şahalary ýaly, gadymy hem müdimi sungatdyr. Türkmen keçesi halkymyzyň baý milli mirasy, gözüniň guwanjy we baýlygydyr. Gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten keçe ynsanyň saglygy üçin örän ýaramlydyr. Aýratyn-da ol çygy özüne çekýänligi üçin guragyryda we sowuklamada peýdalydyr. Şonuň üçinem ir döwürlerde ata-babalarymyz ak öýleriň içine keçeleri gat-gat düşäp, üstüne haly ýazypdyrlar. Öýüň gapdallaryny, üstüni-de ak keçe (durluk) bilen örtüpdirler. Şeýlelikde, keçe geçmişde gyşyň aýazly günlerinde türkmeniň öýüni ýyly saklap, tomsuň jokrama yssysynda gyzgyn sörtükden, ýelli, ýagmyrly howada-da tebigatyň görkezýän «oýunlaryndan» gorapdyr.

Ene-mamalarymyz gadymyýetden bäri keçe taýýarlamakda esasy çig mal hökmünde saryja goýnuň ýüňüni ulanýarlar. Keçeler öz taýýarlanyş aýratynlygy boýunça dürli görnüşlere we atlara eýedir. Meselem, namazlyk, gülli keçe, düýp keçe, ýan keçe, ojakbaşy, gara keçe, at keçe, tegelek keçe, sallançak keçe, sep keçe, durluk we başgalar. Namazlykdan başga ähli keçe görnüşleri, esasan, güýz gyrkym goýun ýüňünden taýýarlanyp, diňe güllükleri ýaz gyrkym ýüňünden edilýär.

Zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen gül keşbine meňzäp duran keçeler güneşe baý ülkämiziň ähli ýerinde öýlerimiziň törüni bezeýär. Keçäniň taýýarlanyş usuly ähli ýerde birmeňzeş bolsa-da onuň nagyşlarynda, ölçeginde we agramynda tapawut bardyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde basylýan keçelerde salynýan «gülýaýdy» nagşy güneşli ülkämiziň tebigatynyň gözelligini, lälezarlygyny beýan etse, «daragt» nagşy türkmeniň ömür agajynyň manysyny berip, onuň dowamat-dowamlylygyny aňladýar. Türkmen keçesine aýratyn görk berýän «äşe», «älem», «goçak», «bäş aýlam», «buýnuzly», «goşa ýürek», «hamtoz», «tazyguýruk», «düýeboýun» ýaly esasy nagyşlar hem biri-birinden owadan. Häzirki wagtda bolsa ol şäher we oba öýlerinde ýylylyk hem rahatlyk döredip, ýere düşemegiň serişdesi bolup hyzmat edýär.

Aýna Nurowa

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: