JEMGYÝET

Türkmen kanunçykaryjylary aýdyňlygy we netijeli kanunçykaryjylygy ilerledýärler

20 ― 23-nji fewral aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda kanunçykaryjylyk prossesiniň halkara tejribesi boýunça dört-günlük okuw maslahatyny gurnady.

Sazlaşykly işleýän kanunçylyk ulgamy netijeli döwlet dolandyryşyny, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaklygy we durmuş-ykdysady ösüşi ilerletmegi üpjün etmekde diýseň ähmiýetlidir. USAID milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk edýär we durmuş-ykdysady hem-de döwlet dolandyryş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaklykda ýardam berýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde, USAID Türkmenistanyň deputatlary üçin parlament işi boýunça halkara öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrýan okuw maslahatlaryny gurnady we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda parlament ulgamlaryny ýakyndan öwrenmek maksady bilen Türkmenistanyň parlamentarileri üçin okuw saparyny hem gurnamaklyga goldaw berdi.

USAID-iň dünýädäki kanunçykaryjylyk usullaryna bagyşlanan okuw maslahaty interaktiw sessiýalaryň, mysallary öwrenmekligiň we amaly ýumuşlary ýerine ýetirmegiň üsti bilen okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn mümkinçiliklerini berkitmeklerine ýardam berdi. Şeýle başlangyçlar arkaly, USAID Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň aýanlygynyň, hasabatlylygynyň we netijeliliginiň güýçlendirilmegine ýardam berýär we döwletiň durmuşy we ykdysady ösüşine goşant goşýar.

###

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we Q2Impact (Q2) kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar.  Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

###

USAID – dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi bolup durýar. Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-asia-regional  web-sahypasyna giriň.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: