JEMGYÝET

Türkmen kanun çykaryjylary kanunlary kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahata gatnaşdylar.

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň deputatlary, döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň. Adalat ministliginiň, ombudsmeniň edarasynyň, Ýokary kazyýetiň, şonuň ýaly-da çap edilän we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri kanunlary we pikirleriň azatlygyny hem-de ony beýan etmegiň tejribesini kämilleşdirmäge bagyşlanan onlaýn maslahata gatnaşвylar. Ol OBSÝE-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki taslamasynyň çäginde geçirildi.

Maslahatyň dowamynda ekspertler tarapyndan pikir azatlygy we ony beýan etmekdäki halkara standartlar, şonuň ýaly-da, Internetdäki söz azatlygy baradaky meselelere seredildi. Halkara ekspertleri «öz-özüňi sazlamagyň» söz azatlygyndan hyýanatly peýdalanmak bilen baglanyşykly wirtual dünýäniň hakyky howpunyň garşysyna mehanizm hökmünde habary diňlediler.

Maslahata gatnaşyjylar kanunlary we pikirleriň azatlygyny hem-de ony beýan etmegiň tejribesini kämilleşdirmek, şonuň ýaly-da, internet-kontenti  sazlamak we ýalan faktlar bilen göreşmek barada pikir alyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: