TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen işewürleri abraýly sergä gatnaşar

Merkezi Aziýanyň iri sergi çäresiniň guramaçysy “Mayer International Asia” türkmen telekeçilerine NON-FOOD ASIA EXPO-2025 halkara azyk däl harytlar sergilerine gatnaşmagy teklip etdi.
Sergiler 2025-nji ýylyň 21-23-nji marty aralygynda Daşkent şäherinde (“Uzeksposentr” milli sergi toplumy) hem-de 2025-nji ýylyň 26-28-nji noýabry aralygynda Almatyda (“Atakent” sergi merkezi) geçiriler.
“Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuny göz öňünde tutup, biz türkmen öndürijilerine täze söwda bazarlaryna çykmak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýäris” – diýip, guramaçylaryň resmi ýüzlenmesinde aýdylýar.
Türkmen kompaniýalary öz önümlerini “Türkmenistanda öndürilen” toparlaýyn stendiň çäklerinde görkezip bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: