Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 12 – 14-nji iýunynda geçiriljek “Sogd-2025” atly XI halkara söwda ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Täjigistanda 11 ýyldan bäri geçirilip gelinýän çäre halkara söwda gatnaşyklaryny berkitmäge, eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, maýa goýumlary çekmäge we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Ýarmarka şeýle hem halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we täze özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder.
Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde söwda-maýa goýum forumynyň geçirilmegi meýilleşdrilýär. Onda Täjigistanyň kärhanalary öz önümleri bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem täze bazarlara çykmak maksady bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ylalaşyklaryň gol çekilmegi meýilleşdirilýär.
2024-nji ýylda geçirilen ýarmarka Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Eýrandan, Hytaýdan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan we Koreýa Respublikasyndan 500 töweregi wekili özünde jemledi.
Türkmen hususyýetçileri Täjigistanda geçiriljek sergä gatnaşmaga çagyrylýar

13
May