SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen hokkeýçileri ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda ikinji orna mynasyp boldula

Türkmenistanyň ýygyndysynyň hokkeýçileri Ulan-Batorda (Mongoliýa) 18 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylaryň arasynda geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň birinji çempionatynda ikinji orny eýelediler.

Soňky oýny olar Eýranyň ýygyndysy bilen geçirdiler we ony 14:1 hasabynda utdular.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça birinji orny mümkin bolan 15 utukdan 15 utuk toplan Özbegistanyň ýygyndy topary eýeledi. Türkmenistanyň topary 12 utuk bilen ikinji ýere düşdi. Baýrakly orunlaryň soňkusyny 9 utuk bilen Mongoliýanyň ýygyndy topary eýeledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: