JEMGYÝET

Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlandy

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Farap etrabynyň 19-njy çagalar bagynda dabaraly çäre geçirildi. Oňa çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Farap etrap komitetiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran bu baýramçylyk çäresinde milli we gadymy nusgaly türkmen halylarynyň döreýşi baradaky çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem, bu çäräniň çäklerinde «Bir okana bar, bir dokana» diýen at bilen sergi-de guraldy. Onda haly önümleriniň dürli görnüşleri we nusgalary, gelin-gyzlaryň el işleri görkezildi. Etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylary özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen baýramçylyk şowhunyny artdyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: