JEMGYÝET

Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan kitap sergisi guraldy

Farap etrap kitaphanasynda türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan kitap sergisi guraldy. Onda haly barada ýazylan ylmy-publisistiki kitaplar, çeper eserler, žurnallarda we gazetler çykarylan makalalar, suratlar goýulypdyr.

Kitaphananyň gaznasyndan alnan bu eksponatlar türkmen halysy, onuň gölleri, dürli döwürlerde öndürilen haly önümleri we olaryň durmuşdaky ähmiýeti, häzirki döwürde bu senediň ýöredilişi barada maglumatlary jemleýär. Sergi bilen kitaphananyň okyjylary ilkinjileriň hatarynda tanyşdylar. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar bu ýerde gyzyky maglumatlaryň toplanandygyny bellediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: