Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halyçylyk sungatyna berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň medeni mirasynyň iň gymmatly hazynasy bolan bu sungat kämillik derejesine çykarylyp, ösdürilýär.
Türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar.«El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär.
Türkmeniň haly sungatynda şanly geçmişimiz, şu günümiz hem geljegimiz wasp edilýär. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyz türkmen halysynyň şan-şöhratynyň artmagyna uly üns berýär. Köpleri özüniň nepisligi bilen haýrana goýan türkmen halylarymyz toýlarymyzyň, öýlerimiziň bezegi. Irki döwürlerden bäri dokalyp gelýän «Guş gölli» halymyz dünýäde özüniň owadanlygy gaýtalanmajak gözelligi şeýle hem özüniň gyzyl reňki bilen äleme meşhurdyr.
Häzirki «älem», «ýeňse», «goçak» diýlip atlandyrylýan nagyşlar çarwaçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanan gadymy ata-babalarymyzyň maddy medeniýetinde, sungatynda uly orun tapypdyr. «Tazyguýruk», «çarhypelek», «sarygolak», «atanak», «şelpeli gölçe», «goçak» ýaly nagyşlar müňýyllyklaryň dowamynda gözelligini ýitirmän, şu günlerimize ýeten meşhur halylarymyzy bezeýärler. Sekizburçluk türkmen halylaryna we gyz-gelinleriň eşikleriniň nagyşlaryna salynýar. Olary «gölleriň», «çemçegölleriň» umumy sudurynda, «sekizkeşdeleriň», «sekizgoçaklaryň», «sagdaklaryň» we beýleki nagyşlaryň
şekilinde görmek bolýar. Oguz han atamyzyň döwründen gözbaş alyp gaýdýan sekizburçluk bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň daşyny bezeýän şekilidir. Türkmenistanyň Döwlet tugrasyna girizilen
sekizburçluk ata-babalarymyzdan galan mirasdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylda türkmen halysy babatda neşir edilen «Janly rowaýat» atly kitabynda türkmen halyçylarynyň döreden täsin ägirt halylaryna we ikitaraplaýyn halylara aýratyn orun berilýär. Mysal üçin, meýdany 301 inedördül metre deň bolan «Altyn asyr» halysy dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Bu halynyň her inedördül metrinde 304 çitim bardyr. Şeýle hem mähriban Arkadagymyzyň halylar baradaky
ikinji kitaby- 2016-njy ýylda «Arşyň nepisligi» eseri hem neşir edildi. Ol türkmen halkynyň medeni durmuşda halyçylyk sungatynyň orny we ähmiýeti baradaky oýlanmalaryň özboluşly dowamy boldy. Kitaby bezeýän ajaýyp reňbe-reň haly suratlary türkmen halysynyň ajaýyplygyny açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaplarynda türkmen halysynyň ajaýyplygy ylmy nukdaýnazardan has giň we düýpli beýan edilýär. Eziz Arkadagymyz «Türkmen halysy halkymyzyň, mähir-muhabbetiniň älemgoşar öwüşginli lälesidir. Ol ata-babalarymyzyň geçen şöhratly durmuş ýollaryny reňklerini dili bilen ýazan ýürek
ýazgysydyr. Ajaýyp halylarymyz ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi, dünýä ýaýylan şöhrat-şanydyr» diýýär.
Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzda haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Türkmen halyçylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi.
2019-njy ýylyň 9-14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogobada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edilen Türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. El halyçylygyň ajaýyp sungatynyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbiniň gaýtadan dikeldilmeginde we mundan beýläk-de ösdürilmeginde mähriban Arkadagymyzyň şahsy goşandy ägirt ulydyr.
Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriň hazynasy bolup durýar. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan
taýýarlanyşy boýunça örän seýrek tapylýan baý gymmatlyklar toplumy ýygnalandyr. Alymlaryň, hünärmenleriň we halyçylaryň gözleglerde we tutanýerli zähmet çeken ýyllarynyň dowamynda gadymy nagyşlaryň ýüzlerçesi dikeldildi, ajaýyp sungatyň irki nusgasy rejelendi. Bu täsin gymmatlyklaryň hazynasy daşary ýurtly myhmanlary tüýs ýürekden haýran galdyrýar. Ol haly eserleri bu ýere gelýänlere şan-şöhraty dünýäde dabaralanýan türkmen halylarynyň gözelligini we gaýtalanmajak kämilligini barha täzeden açýar. Dünýä jahankeşdelerini, alymlaryny haýrana goýýan gözelligiň we kämilligiň baýdagy bolan milli türkmen halylarymyz taryhyň uzak dowamynda ene-mamalarymyz tarapyndan döredilip gelnen beýik sungatdyr, beýik gudratdyr!
Rejep MAHTYMOW,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.