BIZE YAZYARLAR

Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri

Türkmen halylary diňe bir öýüň bezegi däl, eýsem türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň, ruhy dünýäsiniň we zehininiň ýüze çykmasydyr. Türkmen halyçylyk sungatynyň kökleri antik döwürlere we ondan hem öňki eýýamlara baryp ýetýär. Munuň iň uly ylmy subutnamasy 1947-njy ýylda Altaý daglaryndan tapylan Pazyryk (B.e.öň V asyr). Arheologik tapyndylar we taryhy çeşmeler (meselem Marko Polonyň ýazgylary) türkmen halylarynyň dünýäde iň inçesi we iň owadanydygyny tassyklaýar. Türkmen halysynyň esasyny «göl» emele getirýär. Ylmy nukdaýnazardan, göller diňe bir bezeg däl, eýsem belli bir taýpanyň ýa-da sebitiň taryhy nyşanydyr. Simmetriýa: halydaky nagyşlar takyk matematiki hasaplamalara esaslanýar. Bu bolsa halkymyzyň gadymdan geometrik we matematiki bilimlere eýe bolandygyny görkezýär. Reňk sazlaşygy: tebigy ösümlik boýaglarynyň ulanylmagy halynyň ömrüni uzaldýar we onuň ekologik taýdan arassalygyny üpjün edýär.
Her bir nagyşda bir many, her bir gölde bir taryh ýatyr. Haly dürli reňkli ýüplerden çitilip her dürli nagyşlar salnyp dokalýan iň çylşyrymly we ýokary çeperçilige eýe bolan owadan gymmat bahaly düşek bolmak bilen ol türkmen halkynyň durmuşynda ençeme asyrlaryň dowamynda öý bezegi gymmatly haryt, baýlyk maýasy hökmünde peýdalanylýar.
Alym Arkadygymyzyň el halylarynyň baky gözelligi baradaky «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat” atly kitaplary bütin dünýäni bu gadymy we döwrebap halyçylyk sungaty barada has içgin edip tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi. Medeni miras sapaklarynda men hem okuwçylara milli gymmatlyklarymyz bolan halyçylyk sungaty onuň geçmiş taryhy barada hem ony öz usuly işimde peýdalanyp, okuwçylara milli senetimiziň geçmiş taryhy barada giňişleýin düşündirýärin. «Janly rowaýat» kitabynda gözelligiň nusgasy bolan halylarymyz bilen türkmen tebigatynyň arasyndaky sazlaşygy aýratyn açylyp görkezilýär. Kitapda halyny döretmegiň syrlary, nagyşlaryň oýlanylyp tapylyşy, ýüň-ýüplügi taýýarlamagyň we boýamagyň tärleri hakynda dokalyş usulynyň aýratynlygy hem-de olaryň bezeg maksatlary barada gyzykly maglumatlar getirilipdir.
Türkmen halylary beýleki halylardan tapawutlandyrýan birnäçe esasy aýratynlyklary bar: birinjiden tebigy reňkler bu gadymdan bäri ýüňleri boýamak üçin ösümlik köklerinden alynan tebigy boýaglar ulanylýar. Bu reňkler wagtyň geçmegi bilen solman gaýtam hasda açylýar. Ikinjiden dokalyş çygşyldysy halynyň her inedördül metrinde müňlerçe käte bolsa millionlarça çitim ýerleşdirilýär.
Halydaky geometriki nagyşlar bolan «göller» (Ahal-teke,ýomut, salyr, er-sary, saryk) bäş welaýatyň bitewüligini we türkmen taýpalarynyň taryhy simwolikasyny aňladýandygyny öwredýärin. Türkmen haly gölleri döwlet baýdagymyzda bäş sany gölüň ýerleşdirilmegi hem haly sungatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini açyp görkezýändigi subut edýär.
Döwlet baýdagynda ýerleşýän haly gölleriniň taryhy:
– Ahalteke (Ahal welaýaty): Sekizburçluk (oktagon) şekilindedir. Göli dört bölege bölýän çyzyklar dünýäniň dört künjüni (demirgazyk, günorta, gündogar, günbatar) aňladýar. Merkezindäki şekil «ýaşaýyş çeşmesini» aňladýar. Ahal sebitinde dokalan bu halylar özüniň inçeligi, çitmesiniň gürlügi (her inedördül metrde 400-den 1milliona çenli çitme) we nepisligi bilen tanalýar.
– Ýomut göli (Balkan welaýaty) – köplenç «Dyrnak göl» ýada «Gabsa göl» romb şekilli bolup, burçlary has ýiti we gyşyk (diagonal) görnüşde bolýar. Reňki boýunça has goýy goňur, goýy gyzyl we hatda gara reňkleriň utgaşmasy bilen tapawutlanýar. Haly has berk galyň we durmuşyň kyn şertlerine (çöl durmuşyna) has çydamly edilip dokalýar.
– Salyr göli (Mary welaýaty) — bu göl has uly bolýar. Onuň iň uly tapawudy – gölüň içinde «guş» ýada «haýwan» şekilleriniň has anyk görünmegidir.
– Çowdur göli (Daşoguz welaýaty) — «sekizburçly» göllerden tapawutlylykda has gönüburçly we dikligine süýndürilen romb şekillerinden ybarat bolýar. Ony köplenç dört sany aýratyn bölege bölen görnüşde görüp bolýar. Gölüň gyralarynda «gartalyň ganatlaryna» meňzeş çeňňekli nagyşlar (çitme dilleri) örän köp duş gelýär. Bu gadymy oguzlaryň totemistiki ynançlary bilen baglanyşykly bolup, bürgüt (gartal) erkinligiň we güýjüň nyşanydyr. Onda ýerleşdirilýän reňkler goýy melewşe, goýy gyzyl we ak reňkleriň utgaşmasy has köp ulanylýar. Döwlet baýdagymyzda aşakdan ikinji orunda ýerleşýär.
– Ärsary göli (Lebap welaýaty) – has uly, giň we tegelege ýakyn görnüşde bolýar. Bu göl açylyp oturan gülüň manysyny görkezýär. Käbir alymlaryň pikiriçe, bu Amyderýanyň boýundaky mes toprakly ekin meýdanlarynyň we bereketiň simwoliki görnüşi hasaplanylýar. Sekizburçly bolup onuň içi dört sany deň bölege bölünýär. Her bölegiň içinde «gül» elementleri ýerleşýär. Onuň reňk sazlaşygy sary, narynç we al-gyzyl reňkler örän ussatlyk bilen utgaşdyrylýar. Gölleriň içindäki gök we ýaşyl nokatlar ýada çyzyklar bolsa suwy we ösümlik dünýäsini aňladýar. Onuň döwlet baýdagymyzdaky orny iň aşakda ýerleşýär.
Türkmen halyçylyk sungatynyň 2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu naýbaşy sungatyň dünýä derejesindäki ornuny tassyklady. Halyçylyk sungaty baradaky giň düşünjeleri ders mugallymy hökmünde okuwçylara milli ahlak terbiýesini bermekde giňden peýdalanýaryn.

Agabeg NOBATOWA,
Halaç etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.