TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze kitabyny ýazyp tamamlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, zähmet
rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolandygyny aýtdy.
Milli Lider kän oýlanyp, türkmen halkynyň şöhratly taryhy hakynda toplan ençeme
maglumatlaryny kagyza geçirip, täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny nygtap, oňa
“Hakyda göwheri” diýip at goýandygyny habar berdi.

“Kitabyň many-mazmuny hakynda aýtsam, onda türkmeniň akyldar şahyry
Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren
täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan
goşandy baradaky maglumatlary beýan etdim” diýip, alym Arkadag ýurduň Beýik
Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, taryhy özgerişleri başdan geçirýändigini, haýsy
döwri alsaňam, türkmen medeniýetiniň özüniň milli gymmatlyklary bilen dünýä ýaň
salandygyny, olaryň dünýäniň taryhynda uly orun alandygyny aýratyn nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýazan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ilkinji
nusgasyny ele alandygyny, ýakyn günlerde bu kitabyň neşir edilip, giň halk
köpçüligine ýetiriljekdigini aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: