TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatynda saparda boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow duşenbe güni Balkan welaýatyna iş sapary bilen baryp, bu ýerde Hazaryň kenarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary hem-de halkara çärelere taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda täze desgalary ulanmaga bermek boýunça meýilnamalar, öňde boljak halkara forumyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Ulag düzümlerini ösdürmäge aýratyn üns berildi we Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi ýolunyň möhüm bölegi bolan Garabogazköl
aýlagynyň üstünden geçýän köprüniň gurluşygy bilen tanyşdy.
Iş maslahatynyň dowamynda halkara maslahatyň wekiliýetlerini kabul etmegiň, çäräniň medeni maksatnamasynyň hem-de oňa ýaşlaryň gatnaşmak meselelerine hem garaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow çäräniň ýurduň halkara abraýyny belende götermekdäki ähmiýetini nygtap, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.