Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça taýýarlanan teklip makullandy — bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji fewralda geçirilen mejlisinde habar berildi.
Hasabatda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan degişli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigi we daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz eksport ugurlaryny giňeltmek we konserniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere degişli işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy.
Türkmen gazynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça teklip makullandy
28
Feb

