BIZE YAZYARLAR

Türkmen gawuny ― saglyk çeşmesi

Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty äleme meşhur. Olaryň halkara sergilerinde we ýarmarkalarynda ençeme ýokary sylaglara mynasyp bolmagy bu gadymy nygmatyň bakja ekin ýerlerinde dowamat dowam bolup gelýändigine aýdyň subutnamadyr.

Güneşli Diýarymyzda suwarymly, sürümli, ýarym düme, düme, oýtak we sowma usullarda ýetişdirilýän türkmen gawunlary özleriniň hoştap tagamy bilen tapawutlanýarlar.

Gawunlar adam ömrüni uzaltmaga mahsus bolan häsiýete eýedir. Gawun gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda müň bir derdiň dermany hökmünde ulanylyp gelnipdir. Ony köplenç, ganazlykda, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini bejermekde peýdalanypdyrlar. Böwrekde daş bolanda, onuň çigidini gyzgyn suwda owradyp içipdirler. Meşhur tebip Ibn Sina gawunyň etine un garylyp ýasalan ýumşak melhemi deri tegmillerini aýyrmakda ulanypdyr.

Gadymy döwürde-de adamlar ýürek-damar kesellerini, aşgazany, böwrek keselini bejermekde gawunyň peýdasynyň kändigini belläpdirler. Gawunyň düzüminde beloklar, uglewodlar, limon turşusy, alma kislotalary, C, E, B1, B6, PP witaminleri, magniý, fosfor, kükürt, marganes, demir, mis ýaly elementler bardyr. Bu bolsa ynsan saglygy üçin örän ýokumlydyr.

Arzygül BAZAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: