BIZE YAZYARLAR

Türkmen gawunçylygynyň taryhy

Şu günler daýhanlar öz melleklerine gök we bakja ekinlerini şol sanda gawunyň ir ýetişýän görnüşlerini ekýärler.

Ady dünýä belli akademik N.I.Wawilowyň 1935-nji ýylda: «Tutuş Orta Aziýa hem edil Türkmenistan ýaly, dünýä gawunynyň watanydyr. Medenileşdirilen gawunyň görnüşi juda köpdür. Bu ýerde, esasan-da Amyderýanyň aşak akymlarynda agramy bir puta çenli ýetýän, şol bir wagtyň özünde-de juda süýjüligi bilen tapawutlanýan gawunlaryň iňňän gymmatly görnüşleri jemlenipdir» diýip ýazmagy ýöne ýerden däldir. Çünki irki orta asyrlarda gawun ösdürip ýetişdiren bakjaçylar uly hormatdan peýdalanypdyrlar. Olara hiü hili salgyt salynmandyr.

VII asyrda Orta Aziýa gelen araplary bu täsin bakja ekini haýran galdyrypdyr. Orta asyrlaryň arap- pars çeşmelerinde Gündogaryň iň bir datly iýmiti hökmünde ady dünýä ýaň salan türkmen gawunlary hakyndaky maglumatlar häli- şindi duş gelýär.

 Al- Istahri: «Merwde ýetişdirilýän gawunlar şeýleki gowy bolmadyk bolsady, olary dilimläp, Yraga äkitmezdiler» diýip ýatlap geçipdir.

Gündogaryň beýleki bir taryhçysy Muhammet Isfizari bolsa bize şeýle setirleri ýazyp galdyrypdyr: «Merw topragynda özdürilip ýetişdirilýän gawunlar ýurduň daşarsyna çykarylyp, esasan barjamly öýlerde iýilýär. Meselem, Horasanyň soltanlary öz gawunlary bilen oňman, Hyratdan Merwe çenli 60 farsah ýol barlygyna garamazdan, Merwden gawun getirmeklerini buýrupdyrlar».

   Arap taryhçysy ibn Battuta Köneürgenç gawunlaryny taryplap şeýle ýazypdyr: «Buhara, şeýle hem Yspyhan gawunlaryny hasaplamasaň, bütin ýer ýüzünde – Gündogarda hem, Günbatarda hem Horezm gawunlaryna taý geljek ýok. Olaryň paçagy ak, eti bolsa gyzyl. Bu gawun juda süýji, şol bir wagtyň özünde hem ony dilimläp, Güne kak edýärler. Soňra bolsa ony,  sebetlere salyp, Horezmden uzakdaky ülkelere – Hindistana we Hytaýa ugradýarlar. Kakadylan iýmişleriň içinde şol gawundan gowusy ýok».

Türkmen gawunynyň ajaýyp tagamy şireliligi we jana dermanlylygy  dogrusynda dünýäniň çar tarapyndan Türkmenistana gelip- gidýän syýahatçylar, taryhçylar, alymlar üýtgeşik ýazgylary ýazyp galdyrypdyrlar.

Türkmen halky gadymdan bäri gawun ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Şonuň üçin kyrk günde ýetişdirýän zamçasy ýetişenden soň, indiki ýylyň gawun hasylyna  çenli saklanyp bilýän garrygyzy gawunyny ekip, ýetişdirýärler.

Häzir hem hususy ýöriteleşdirilen hojalyklarda bütin ömrüni  gawunçylykda datly gawun ösdürip ýetişdirmeklige bagyş eden  gawunçylarymyz bar

Garry gyz, Sary gyz, Ak gaş, Gara gaş, Gara gülaby, Gara gotur gawunlaryň görnüşleri ýygylandan soň, indiki hasyla çenli saklanýar.

Merjen Baýramowa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: