Futbol boýunça Ýokary liganyň, ýaşlar ligasynyň, Kubok bäsleşiginiň taryhynda derwezä geçirilen iň çalt gol ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda hasaba alyndy. Bu duşuşyk «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Sport toplumy» stadionynda «Şagadamyň» ýaşlar düzümi bilen «Merw II» toparynyň arasynda boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bu duşuşykdaky esasy waka duşuşygyň 1-nji minutynda bolup geçdi. Şol pursat topy meýdanyň orta gürpünden derwezä depen Muhammet Allaberdiýew «Merw II» toparyny öňe saýlady. Gol geçirilen pursat oýnuň 4-nji sekunty dowam edýärdi.
Geçirilen bu taryhy top Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alanyndan soň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilýän ähli ýaryşlaryň dowamynda iň çalt geçirilen top hökmünde hasaba alyndy.
Duşuşykda «Şagadam II» topary 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmen futbolynyň taryhynda iň çalt geçirilen gol hasaba alyndy
24
Oct
