Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogy saýlama ýaryşyna bije çekişlikde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Taýwanyň we Butanyň milli ýygyndy toparlary diýlip kesgitlenildi.
Bijeden öň 44 topar öňki üç Aziýa Kubogy ýaryşynda görkezen netijelerine görä utuklary boýunça final görkezijä görä bäş sebede bölündi.
2022-nji ýyldaky Aziýa Kubogy ýaryşynda çärýek finala çykyp, taryhy üstünlik gazanan toparymyzyň netijelerine görä Türkmenistanyň topary ilkinji gezek Kuweýt, Eýran, Malaýziýa, Bahreýn, Palestina, Siriýa we Ýemen bilen bilelikde ikinji sebede düşdi. Oňa düşen toparlar 11 saýlama toparça bölündi, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 9-njy sentýabry aralygynda 11 ýurtda olaryň merkezleşdirilen duşuşyklary geçiriler. Türkmenistanyň topary Iordaniýanyň, Taýwanyň we Butanyň toparlary bilen «A» toparça düşdi. Bu toparçadaky duşuşyklar Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde geçiriler.
Türkmen futbolçylary 3-nji sentýabrda ilkinji duşuşygyny Taýwanyň toparyna garşy geçirer, 6-njy sentýabrda Butanyň topary bilen duşuşar we saýlama ýaryşyny 9-njy sentýabrda Iordaniýanyň topary bilen jemlär.
Türkmen futbolçylarynyň yklym ýaryşynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

31
May