Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň FIFA derejeli emini Timur Ramazanow häzirki günlerde Indoneziýada dowam edýän futzal boýunça Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň çäginde geçirilen Ýaponiýa bilen Awstraliýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşykda eminlik etdi.
Bu duşuşykda türkmenistanly eminine Bahreýniň FIFA derejeli emini Abdulrahman Al-Doseri ýardam berdi. “C” toparçanyň çäginde geçirilen oýun 6:2 hasabynda Ýaponiýanyň milli ýygyndy toparynyň peýdasyna tamamlandy. Şol toparçanyň beýleki duşuşygynda bolsa Özbegistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndy toparlary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
Ildeşimiz Timur Ramazanow şu gün “A” toparçanyň ikinji tapgyrynyň çäginde Yrak bilen Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşykda üçünji eminiň wezipesini ýerine ýetirer. Şeýle-de bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmeni Wadim Baratowyň gözegçi emin hökmünde çykyş edýändigini bellemek gerek.
Türkmen eminleri futzal boýunça Aziýanyň kubogyna gatnaşýarlar
30
Jan
