SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen emini «Aziýada iň gowy emin» diýlip yglan edildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Işanguly Meretnyýazow mynasyp boldy. Bu barada institutyň resmi web sahypasynda
habar berilýär. 
Aziýada höwesjeň boksçulygyň edarasy, dünýä boýunça höwesjeň boksçulygyň ýolbaşçysy bolan  IBA-nyň (Halkara boksçular assosiasiýasy) agzasy bolup
durýan Aziýanyň boks konfederasiýasy ýyllaryň dowamynda höwesjeň boksçulygy ösdürmek, şeýle hem bu işde ýakyndan ýardam berýän boks boýunça türgenleri, tälimçileri, eminleri ýüze çykarmak babatda yzygiderli işleri durmuşa geçirýär.
Halkara derejeli emin Işanguly Meretnyýazow hünär ýolunda dünýä we sebit derejeli ýaryşlarda eminlik etmek bilen, sowatly, adalatly çözgütleri çykaryp, milli we halkara sportda abraý eýesi bolup gelýär. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: