Türkmen topragynda ösüp ýetişen Barzuýa Merwezi, al-Biruny, al-Farabi, Juzjany,
Ibn Sina, Abu Sahl Mesihi ýaly beýik alymlar ylmyň dürli ugurlary bilen bir hatarda ýer ýüzünde lukmançylygyň ösmegine-de ägirt uly goşant goşupdyrlar.
Hassahanalaryň ýüze çykmagy Gündogar ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda-da, şäherleriň ösmegi we ulalmagy, ilatyň bir ýerde gür jemlenmegi bilen hem aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Merwde, Köneürgençde, Nusaýda şäher durmuşynyň esasy alamatlarynyň biri bolan hassahanalar barada ýazuw ýadygärliklerinde köp maglumatlar saklanyp galypdyr. XII asyrda Seljuk türkmen döwletinde bolan syýahatçylaryň biri ýurduň içinden gecip barýarka 60-dan gowrak hassahana duşandygyny belläpdir.
XIV asyryň meşhur syýahatçysy Ibn Batuta özüniň Köneürgenje saparynda şäherde hassahanalaryň bardygy we olara atly ulamalar ýa-da hökümdarlar tarapyndan howandarlyk edilýändigi barada ýazypdyr.
XI asyrda gurlan Nusaýdaky Dakkak mawutçynyň hanakasy hem ötegçileri ýel-
ýagmyrdan penalaýan hem-de hassalara em edilýän haýyr-sahawat öýi bolupdyr.
Şeýle hassahanalar Nejmeddin Kubranyň Köneürgençdäki we Abul Kasym Mahmyt ibn Omar az-Zamahşarynyň Yzmykşirdäki aramgähleriniň ýanynda-da hereket edipdir.
Hökümdarlar tarapyndan maliýeleşdirilýän hassahanalar esasan giň halk köpçüligi
üçin niýetlenilipdir. Hassahanalaryň ýanynda kitaphanalar we ýörite lukmançylyk
mekdepleri hem esaslandyrylypdyr. Lukmançylyk mekdeplerinde okuwlar nazary
hem-de amaly esaslarda alnyp barlypdyr. Talyplar öz halypalary bilen hassahanada
keselini bejerdýän näsaglaryň ýanyna baryp, şeýle hem öý şertlerinde bejerilýän
hassalaryňka aýlanyp bejeriş usullaryny öwrenýär ekenler.
Hassalary gözegçilikde saklamak we keselleriň alamatlaryny ýazyp beýan etmekde
hassahanalaryň orny Fahreddin Razynyň işlerine, hususan-da onuň mama keseli
we gyzamyk baradaky meşhur işine öz täsirini ýetiripdir. Hassahanalar Akgoýunly
türkmen döwletinde, onuň paýtagty Töwrüzde has hem köpelipdir. Bu ýerdäki
«Daruş-şifa» uniwersiteti giden meýdany tutup ýatan özbaşyna şäherçe bolup, onda okuw, bejeriş we ylmy edaralary, şol sanda hassahana we obserwatoriýa bolupdyr. Onuň kitaphanasynda bolsa dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilen 300 müňden gowrak golýazma kitaplary saklanylypdyr. Köp asyrlar bäri hassahanalar raýatlaryň saglygyny goramagyň girewi, esasy usuly bolup adamzada hyzmat edip gelýär.
Ogulkeýik DOSOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.