DÜNÝÄDÄKI HABARLAR, SYÝASAT

Türkmen döwletiniň Baştutany Ispaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a ýurtda bolup geçen güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň heläkçilikleri zerarly gynanç bildirdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz hatynda ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy, ejir çekenleriň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.
29-njy oktýabrda Ispaniýanyň günorta-gündogarynda bolup geçen güýçli ýagyşlar Walensiýa, Kastiliýa-La-Mança we gündogar Andalusiýa sebitlerinde köpsanly pidalara we weýrançylyklara getirdi.
“Euronews” habarlar agentliginiň maglumatlaryna görä, 205 adam, şol sanda Walensiýada 202 adam gurban boldy.