Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly we döredijilik maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde guralan maslahata baýry bilim ojagynyň professor- mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de döredijilik işgärleri gatnaşdylar.Maslahatda professor-mugallymlaryň ylmy çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler beýik akyldaryň döredijiliginiň ýaşlara bahasyna ýetip bolmajak mekdepdigini aýratyn bellediler. Talyp ýaşlaryň Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgulary bolsa uly höwes bilen diňlenildi.
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ylmy-amaly we döredijilik maslahaty geçirildi
19
Sep
