JEMGYÝET

Türkmen döwlet gurjak teatrynda edebi ertirlik geçirildi

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Bal süýji, baldan-da bala» ady bilen edebi ertirlik geçirdi.

Ertirligi Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy gurady. Oňa Aşgabat şäheriniň körpeleriniň köpsanlysy gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda teatryň artistleri gurjaklar arkaly dürli sahna oýunlaryny, şadyýan çykyşlary görkezdiler. Täsirli sahna oýunlaryna körpejikler uly höwes bilen tomaşa etdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri gurnalan göçme sergide ýerleşdirilen birnäçe ertekili kitaplary çagajyklara okap berdiler. Bu çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri golaýda öz okyjylary bilen «Kitap okap, dürler saçyň, çagalar!» atly gürrüňdeşlik çäresini hem geçirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: