SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen boksçulary dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

2 — 13-nji dekabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Halkara Boks assosiasiýasy (IBA) tarapyndan boks boýunça XXIII dünýä çempionaty geçirilýär.   
braýly ýaryşa Türkmenistandan üç türgen wekilçilik edýär. Olar Özbegistanda geçen okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň netijesinde saýlanan boksçulardyr. Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň habar berşi ýaly, milli ýygyndy topara ýurdumyzyň aşakda görkezilen zehinli türgenleri girýär:
Yhlas Gylyçjanow (60 kg çenli, 25 ýaş),
Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kg çenli, 23 ýaş)
Döwlet Yslamow (92 kg-den ýokary, 24 ýaş)