Türkmen Bitaraplygy ― durnukly ösüşiň ganaty
19-njy martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Milli Liderimiziň bu forumda edilen çykyşynda hem bellenilişi ýaly, şu ýere daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň we iri kompaniýalaryň wekilleri ýygnandy. Bu biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär.
Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Türkmenistanyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýandygyny, islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalarynyň diňe durnuklylyk hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biljekdigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Şoňa görä-de, esasy halkara institutlaryň we maliýe edaralarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de Türkmenistanyň adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini, energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini we bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýändigine ünsi çekdi.
Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler.
Gahryman Arkadagymyz agzalan sebitlerde häzir durmuşa geçirilýän energetika, ulag hem-de üpjünçilik taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine ünsi çekip, olaryň täze energetika, ulag, senagat, tehnologik geçelgeleri döretmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirmäge gönükdirilendigini nygtady.
Biziň Aziýadaky umumy maksatlarymyz diňe bir anyk taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. Ol maksatlar has giň gerimlidir. Dünýäniň bu böleginde durnukly parahatçylyk we howpsuzlyk binýadyny döretmek, giň hyzmatdaşlyk üçin ynanyşmak hem-de amatly ýagdaýy emele getirmek zerurdyr. Munuň üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmaly, dünýä derejeli energetika, ulag we kommunikasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegi uly merkezleriniň birini döretmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň şu maksatlary amala aşyrmaga iri halkara işewürleriň gatnaşmagyna bil baglaýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny, «Açyk gapylar» ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, şu günki geçirilýän maslahatyň bu meýilnamalary amal etmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Aýgözel GARLYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we
ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.