SUNGAT MEKDEBLERITÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen bedewiniň we alabaýynyň baýramyna bagyşlanan surat bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda Türkmen bedewiniň we alabaýynyň baýramyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Oňa welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary we Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary özleriniň çeken suratlary bilen gatnaşdylar.
Emin agzalary welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Kamila Röwşenowanyň işine iň ýokary baha berdiler. Şu okuw jaýynyň talyplary Nurşat Hakkyýewa we Enejan Hüseýinowa dagylar degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler.
Okuwçylaryň arasyndaky bäsleşikde Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Daýanç Kambarow birinji, Saodat Rüstemowa ikinji, Jemal Beşimowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply