Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Ony etrabyň çagalar sungat mekdebiniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymlary hem-de okuwçylary guradylar. Onda Türkmenistanda behişdi bedewlere goýulýan sarpa, olaryň wepadarlygy, ýyndamlygy, gözelligi hakynda gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, sungat mekdebiniň dutarçylar we bagşylar toparlarynyň joşgunly aýdym-sazlary ýaňlandy. Okuwçylar ahalteke bedewleri hakyndaky goşgulary labyzly okadylar.