Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan kitap sergisi guraldy
Çärjew etrabynyň Jeýhun şäherçesindäki kitaphana şahamçasynda «Aty baryň ganaty bar» atly kitap sergisi işledi.
Onda türkmen bedewine bagyşlanan kitaplar, gazetlerde, žurnallarda çap edilen makalalar, suratlar goýuldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan eserler aýratyn orun tutýar. Kitaphana gelýänler ahalteke atlarynyň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny, oňa goýulýan hormat bardaky maglumatlar, türkmen halk döredijiliginiň, awtorlaryň eserlerinde atyň suratlandyrylyşy bilen tanşyp bilerler.
Kitaphananyň işjeň okyjylary, şäherçede ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary sergä ilkinjileriň hatarynda syn etdiler.