Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan «Waspyň sena boldy dillerde bedew!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çärä Kerki, Hojambaz we Döwletli etraplarynyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.
Dabarada zehinli ýaşlar türkmen bedewlerini wasp edýän edebi-sazly kompozisiýalary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de etrap kitaphanasy tarapyndan «Ahalteke atlary buýsanjymyzdyr» atly kitap sergisi guraldy. Onda türkmen bedewleriniň taryhy, gazanan ýeňişleri hem-de seýisçilik sungaty barada neşirler tanyşdyryldy.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
27
Apr

