Birinji çapyşyk ýetginjekleriň arasynda geçirilip, onda 1000 metr aralyga üç ýaşar atlaryň 12-si goýberildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Daşgalasy aýlawa goýberilen atlaryň ählisinden öňe saýlanmagy başardy. Onuň çapyksuwary Şageldi Myradowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň adyndan kompýuter gowşuryldy. Soňra 1200 metr aralyga welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen üç, dört we uly ýaşar atlar goýberildi. Olarda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Garaşsyzlyk» daýhan birleşigine degişli Gülýaly, Balkan welaýatynyň polisiýa müdirligine degişli Ýetmek, Daşoguz welaýatynyň polisiýa müdirligine degişli Gardaşym, Lebap welaýatynyň polisiýa müdirligine degişli Keýmir, Mary welaýat häkimligine degişli Edepli, Aşgabat şäherinden Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Gülýaka atly atlar pellehana birinji bolup gelmegi başardylar. Ýeňiji bolan atlaryň çapyksuwarlarynyň hersine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 15 müň amerikan dollary gowşuryldy. Çapyşyklaryň tamamlaýjy tapgyrynda aýlawa halypa çapyksuwarlaryň 7-si çykdylar. Onda 1000 müň metr aralygy Daşoguz atçylyk sport toplumyna degişli Perhat ilkinji bolup geçmegi başardy. Onuň çapyksuwary Täçmyrat Dowulbaýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtomobil sowgat berildi.