Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahal-teke bedewleriniň şöhratyny has-da belende göterýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan―bedew batly at myradyň mekany» ýylynda geçirilen «Gadamy batly bedew» atly usuly okuw maslahaty hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Etrabyň birnäçe orta mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre, tejribe alyşmak we ýaş nesle milli gymmatlyklarymyzy düşündirmek maksady bilen guraldy. Munda ajaýyp bedewlerimiziň, ata Watanymyzyň waspy ýerine ýetirilip, olara bagyşlanan şahyrana setirler sapaga aýratyn täsir berdi. Şeýle-de, zehinli okuwçylaryň «Ahalteke» atly düzen krosswordy bolsa sapagyň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdi. Maslahatyň çäklerinde geçirilen sapak diňe bir nazaryýet däl, eýsem, gyzykly bäsleşik bilen utgaşyp, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Sapagyň dowamynda mekdep okuwçylaryndan düzülen «Meleguş» hem-de «Ýanardag» toparlarynyň arasynda gyzykly ýaryş guraldy. Okuwçylar öz zehinlerini we bilimlerini aşakdaky ugurlar boýunça görkezdiler. Ýaryşyň iň jogapkärli pursatlarynyň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň bedew baradaky ýazan gymmatly kitaplaryndan berlen sowallara jogap bermek boldy. Okuwçylar ahalteke atlynyň taryhy, häsiýeti we dünýä medeniýetindäki orny barada düýpli bilimlerini orta goýdular.
Usuly maslahata gatnaşan mugallymlar we hünärmenler şeýle çäreleriň okuwçylaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde uly ähmiýete eýedigini bellediler. At çapmagyň we bedewe bolan söýginiň türkmen ruhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bu gymmatlyklaryň dowamat-dowam bolýandygy nygtaldy. «Gadamy batly bedew» atly bu usuly maslahat, gatnaşyjylaryň kalbynda bedew batly ösüşlere bolan höwesini has-da artdyrdy.
Mamajan RAMANOWA,
Farap etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.


