Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Umumy adamzat derjesinde ägirt uly açyşlar eden, kämillegiň beýik nusgasyny jahana peşgeş beren türkmen halky şan-şöhraty dünýä dolan wepaly, ýyndam ahalteke bedewleri bilen meşhurdyr. Türkmeniň ençeme müňýyllyk taryhy ahal-teke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Şöhratly bedewlerimiz ähli döwürlerde hem türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hem-de wepaly hemralary, şöhratly taryhymyzyň bezegi boldular. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýik ösüşleri nazarlaýan döwrümizde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belent derejelere göterildi. Ahalteke atlary – türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen, dünýäde deňi-taýy bolmadyk, ýyndam we gözel bedewlerdir. Özüniň çeýeligi, wepalylygy bilen tanalýan bedewler türkmen medeniýetiniň, taryhynyň we milli buýsanjynyň aýrylmaz bölegidir.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” atly gymmatly eserlerinde türkmen bedewine bolan söýgi, sarpa uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserleriň her bir sahypasy ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däpleriň biri bolşy ýaly, 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýlip, atlandyryldy. Bu şygar ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýär. Şygarda bedew batly at türkmen halkynyň milli buýsanjynyň gaýratynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýär. “At – myrat” diýilişi ýaly, bu şygar bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer we ýurdumyzda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleriň, zähmet üstünlikleriniň we ösüş maksatlarynyň ruhy binýadyny emele getirer.
Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Muhammetdurdy RAHYMOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy.

