Türkmen bedewleri şu ýylyň 9 — 10-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçiriljek «Gündogaryň merjeni» atly halkara çärä gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji maýda geçirilen mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda Daşkent şäherinde geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, şeýle hem «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahata gatnaşmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere agzalan halkara çärelere ýurdumyzyň atşynaslaryny we ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmen bedewi «Gündogaryň merjeni» bolmaga dalaşgär
04
May

