Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Nepalyň merkezi böleginde ýerleşýän, 8 müň metrden ýokary belentlige eýe bolan Annapurna dag gerşiniň depesinde buýsanç bilen pasyrdady. «Morinžgeologiýa» hyzmat ediş kärhanalar toparynyň işgärleri dünýäniň iň beýik daglarynyň biri bolan Annapurna gerşine üstünlikli çykyp, onuň 8 091 metr belentliginde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdylar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, bu ekspedisiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guraldy. Dünýäniň iň beýik daglarynyň arasynda onunjy orny eýeleýän Annapurna 1950-nji ýylda adam tarapyndan ilkinji gezek boýun egdirilen sekiz müňlük dag gerşi hökmünde taryha giripdi. Howa şertleriniň örän çylşyrymlylygy we güýçli gar gaçgynlarynyň howpunyň ýokarylygy sebäpli bu dag alpinistler üçin iň howply ugurlaryň biri hasaplanýar.
Annapurna gerşine çykmak «Morinžgeologiýa» hyzmat ediş kärhanalar toparynyň alpinistler toparynyň gazanan üstünlikleriniň üstüni ýetirdi. Mundan ozal kärhananyň işgärleri Ewerest, K2, Manaslu, Akonkagua, Amu-Dablam, Kilimanjaro, Ararat, Monblan we Matterhorn ýaly meşhur daglara hem üstünlikli çykypdylar. Şol daglaryň hersiniň depesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň galdyrylmagy ildeşlerimiziň watansöýüjiliginiň, gaýduwsyzlygynyň we beýik maksatlara ýetmek baradaky ruhubelentliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
«Morinžgeologiýa» hyzmat ediş kärhanalar topary Hazar deňziniň ýalpaklyk zolagynda geofiziki hem-de inžener-geologiýa gözleg işleri boýunça ýöriteleşýär. Topar Dragon Oil, Petronas Carigali, «LUKOÝL» ÖPJ, «KazMunaýGaz» milli kompaniýasy we SOCAR ýaly iri halkara energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmen baýdagy 8 müň metr belentlige galdyryldy
18
May

