Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary
okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw we gündelik çykdajylary üçin «VISA» we «Master Card» bank kart hasaplaryna manat serişdelerini onlaýn görnüşde özbaşdak goýmaga we erkin daşary ýurt puluna öwürmäge mümkinçiligi döredýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.
Tölegi onlaýn görnüşinde amala aşyrmak üçin raýatlarymyz bir gezeklik banka
gelip, tölege degişli resminamalary getirenden soň, bank işgärleri tarapyndan
internet arkaly ähli sazlamalar ýerine ýetirilýär. Şeýlelik bilen müşderiler bankyň
resmi www.tnbk.tm internet sahypasynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde
ýerleşdirilen «Internet bank» bölümçesiniň üsti bilen hyzmatyň amatly
mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.
Hormatly ildeşler! «Onlaýn halkara töleg» ulgamy hyzmatyndan peýdalanmak
üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup
bilersiňiz.
Türkmen bankynda halkara geçirimleri onlaýn usulda amala aşyrmak hyzmaty hödürlenilýär

08
Jan