Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan türkmen bagşyçylyk sungatyna aýratyn üns berilýär. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bütin türkmen halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän özboluşly medeniýeti, bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy, milli we ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary
bardyr.
Aýdym-ynsan kalbynyň göwün syrdaşydyr. Haçanda aýdym-saz ýaňlananda ýürekler gyzgyn mähre çoýulyp, köňüller heýjana gelýär. Aýdym-saz ata-babalarymyzdan miras galan sungatdyr. Türkmen aýdym-saz sungatyny ýokary derejelere ýetiren ussat bagşy sazandalarymyz meşhur aýdym-sazlary döredip, biziň günlerimize çenli getiripdirler. Ussat halypalaryň döreden bagşyçylyk sungaty ýaş zehinler üçin görelde mekdebi bolup, watansöýüji, ynsanperwer, ruhy-
ahlaklylygy öwredýän ýörelgeli ýoldur.
Garadäli gökleň, Weýran bagşy, Körgojaly, Şükür bagşy, Heleý bagşy, Saýyp eje, Sary bagşy, Oraz Salyr, Garly bagşy, Nobat bagşy, Muhy bagşy, Magtymguly Garlyýew, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Ödeniýaz Nobatow ýaly ägirt ussatlar türkmen bagşyçylyk sungatyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde öçmejek yz goýdular. Bu ussat halypalar halkyň aňynda hem-de kalbynda ebedi ýaşaýarlar. Türkmen bagşyçylyk sungaty pederlerimizden gözbaş
alyp gaýdýan ýol ýörelgedir. Bu milli sungatyň tilsimlerini, ýollaryny öwrenmeklik, at abraýly bagşy sazandalar bolmaklyk üçin birnäçe ýyllap halypa bagşylardan tälim almaly, hünär öwrenmeli bolupdyr.
Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-saz sungatyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde we dünýä ýüzüne ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumy adamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Almagül JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çagalar
sungat mekdebiniň “Bagşy” hünäriniň mugallymy.


