TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda 144,4 göterim ösüş gazanyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda ýylyň geçen on aýynda 155 million 333 müň 594 manatlyk önüm öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 144,4 göterim ösüş gazanyldy. Ýylyň başyndan bäri sargytlar boýunça ol ýerde düz aýnanyň we çüýşe gaplarynyň dürli görnüşleri öndürildi. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde ýerli çig malyň ýokary derejede gaýtadan işlenilmegi önümlere islegiň barha artmagyny üpjün edýär.