YKDYSADYÝET

 «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy önümçiligini giňeldýär

 Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda ýene bir önümhana gurarlar. Onuň kuwwaty bir-gije gündizde 100 tonna aýna önümlerini öndürmäge barabar bolar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen mejlisinde habar berildi.

Täze önümhanany bu taslamany amala aşyrmak boýunça yglan edilen tenderde ýeňiji bolan «Rysgally zähmet» hususy kärhanasy gurar.

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasy 2018-nji ýylyň fewralynda ulanylmaga tabşyrylypdy. Ol açyk, tonirlenen, taplanan, köp gatlaky aýnalary, aýna paketlerini, şonuň ýaly-da azyk we lukmançylyk senagatlary üçin dürli göwrümdäki aýna gaplaryny öndürýär. Onuň önümleri içerki bazarlarda ýerlenilýär hem-de Özbegistana, Owganystana we Türkiýä eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: