BIZE YAZYARLAR

Türkmen aty ― halkyň ganaty

Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewleriň taryhyna ser salanyňda asman giňişligi ýaly giň we çuň hakykatyň ýatandygyny bilmek bolýar. Türkmen ahalteke bedewleri ýyndamlygy, owadanlygy, çydamlylygy bilen dünýä ýüzünde hemişe meşhurlyk gazanypdyr.
Halkymyz gadym döwürlerden bäri bedewi ýakyn dosty, syrdaşy, ýoldaşy hasaplap gelipdir. Munuň şeýledigine nusgawy şahyrlarymyzyň bedewi taryplaýan goşgularyny, «Görogly» şadessanyny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Görogly öz wepadar bedewine:
«Perzent dilemedim, seni diledim» diýýär. Gyratyň kämil derejede seýislenip terbiýelenendigi, özüni ynsan ýaly alyp barşy, batyrgaý, çalasyn, gaýduwsyz, wepalylyk ýaly häsiýetleri täsirli beýan edilýär.
Türkmen ýigidi üçin bedew üsti Süleýmanyň tagty hasaplanýar. Nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň:
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.
— ýaly setirleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň tarypy şahyrana döredijilige, nusgawy edebiýata, geçmiş taryhymyza siňendir. «Kowusnama» eserinde: «Dünýe ynsan bilendir ynsanam haýwan bilendir, haýwanlaryň iň gözeli bolsa atdyr. At saklamak hojalykçylykdyr, mertlikdir. Aty we lybasyňy gowy sakla, at bile lybas hem seni gowy saklar» diýen, ýaly çuň manyly sözlere duş gelmek bolýar.
Ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda bu baýramçylyga bagyşlanyp geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmak biz, ýaşlar üçin örän buýsançlydyr. Çünki, gözüňi dokundyryp duran ahalteke bedewlerini synladygyňça synlasyň gelýär.
Milli Liderimiziň howandarlygy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem toý-tomaşalaryň bezegi hasaplanýan behişdi bedewler hakynda «Bedew at menzil keser», «Atady bilen, ýigit ody bilen», «At dosty — ata dost», «At gylygyna eýesi ýetik», «At keselini andyz açar», «At ýaly bilen owadan, zenan — saçy bilen» ýaly, birnäçe nakyllar we atalar sözleri bar.
Häzirki wagtda türkmeniň tohum ahalteke atlaryny ýetişdirmekde derwaýys işler alnyp barylýar. Türkmen bedewlerini altyn şaý-sepler bilen bezäp, at çapyşyklary, at üstündäki oýunlar guralyp, toý-baýramlarymyzyň şatlyk-şowhuny belende göterilýär. Diýarymyzyň ähli ýerinde dünýä ülňülerine, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kaşaň atçylyk sport toplumlarydyr athanalar gurlup, ulanylmaga berilýär.

Gülruh AÇILOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: