Monakonyň Monte-Karlo şäherinde 47-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilýär.
Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem bu festiwala gatnaşýar.
HHM-niň habar bermegine görä, festiwalyň çäklerinde türkmen jigitleri ahalteke atlarynda özboluşly tomaşalary görkezdiler.
Monte-Karlo şäherinde geçirilýän bu halkara sirk festiwaly sirk sungaty dünýäsinde iň
möhüm wakalardan biridir. Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary oňa ilkinji gezek gatnaşmak bilen, dünýä derejesinde türkmen sungatynyň we
medeniýetiniň, ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny has artdyrýar. Çeşmede bellenilişi ýaly, bu topar ozal birnäçe abraýly festiwallardyr ýaryşlarda ykrar edilip, ýokary sylaglara eýe boldy.
Türkmen atly jigitleri Monakoda çykyş etdiler

20
Jan