Türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhynda ahalteke bedewleri diňe bir ulag serişdesi däl, eýsem wepaly dost, maşgala agzasy we milli buýsanç bolup hyzmat edipdir. “At — myrat” diýen pähime eýerýän halkymyz üçin atçylyk sungaty — bu dünýä medeniýetine goşulan iň uly gymmatlyklaryň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen atçylyk sungaty täze ösüş derejesine göterildi.
Ahalteke bedewi özüniň syratlylygy, dözümliligi we akyllylygy bilen dünýäde deňi-taýy bolmaly däl bedewdir. Türkmen seýisleri asyrlaryň dowamynda bedewleri seýislemegiň özboluşly mekdebini döredipdirler. Bu mekdep bedewiň diňe bir beden gurluşyna däl, eýsem onuň ruhy dünýäsine, adam bilen bolan gatnaşygyna hem aýratyn üns berýär. Şonuň üçin hem türkmen bedewi öz eýesiniň pälini aňlaýan, oňa wepaly haýwan hökmünde tanalýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, bedewleriň tohum arassalygyny saklamak we bu sungaty sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlary, halkara derejesindäki at çapyşyklary we milli at üstündäki oýunlarymyz türkmen atçylyk sungatynyň şöhratyny has-da dabaralandyrýar. Ahalteke atçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, bu sungatyň umumyadamzat gymmatlygydygynyň tassyknamasydyr.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyplary hökmünde biz milli mirasymyza belent sarpa goýýarys. Atçylyk sungatyndaky innowasion tehnologiýalary, genetika ylmynyň gazananlaryny we atçylyk pudagyndaky telekeçilik mümkinçiliklerini öwrenmek biziň üçin örän gyzyklydyr. Bedewlerimize bolan söýgi biziň watançylyk duýgymyzy, milli buýsanjymyzy has-da berkidýär.
Türkmen bedewi — biziň geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän bu owadanlyk we edermenlik nusgasy halkymyzyň ruhy belentliginiň nyşanydyr. Ýüwrük bedewlerimiziň bady bilen Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.
SARYÝEWA Aknabat,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 107-nji okuw toparynyň talyby.

