YLYM WE TEHNIKA

Türkmen alymy pagtanyň täze sortuny çykardy

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolötendäki gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň alymy Muhammetrahym Meredow gowaçanyň täze sortuny döretdi. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleriniň ýardam bermeginde alnan inçe süýümli gowaça «Ýolöten-54» at berildi.

Synaglaryň netijesinde bu sortuň her gektardan 50 sentnerden geçirip hasyl berýändigi ýüze çykaryldy.

Ozal bu ýerde «Ýolöten-50», «Ýolöten-53», «Garaşsyzlyk-30» diýlip atlandyrylan gowaça sortlary çykarylypdy. Gowaçanyň «Ýolöten-39», «Ýolöten-7» sortlary bolsa köp ýyllardan bäri ekilip gelinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: