JEMGYÝET

Türkmen alabaýynyň gününe bagyşlanyp sergi guraldy

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmen alabaýynyň gününe bagyşlanyp sergi guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher we Çärjew etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda geçirilen bu sergä welaýatyň ýaşululary, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary, mekdep okuwçylary, itşynaslar we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.

Sergide türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýän kitaplar, suratlar we bu tohum itlerini köpeltmek boýunça alnyp barylýan işleri beýan edýän çeşmeler ýerleşdirildi. Çäräni guraýjylar Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Lebap welaýat bölüminde türkmen alabaý itlerini saklamak we köpeltmek üçin döredilen şertler we mümkinçilikler barada nygtadylar. Itşynaslar öz gezeginde bu bölümiň saklawhanalarynda alabaý itlerini goramak we olara weterinariýa-sanitariýa gözegçiligini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: