Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp «Türkmen alabaýy — edermenligiň we wepalylygyň nusgasy» atly wagtlaýyn sergi açyldy.
Onda lebaply suratkeşler A.Işankulyýewiň, E.Ylýasowyň, Ş.Saparowanyň, I.Italmazowyň, M.Atajanowyň döreden nakgaşçylyk, grafika we heýkeltaraşlyk eserleri goýuldy. Şonuň ýaly-da sergide welaýatymyzyň çäklerindäki gadymy taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan alabaýyň terrakota heýkeljikleri ýerleşdirildi. Bu heýkeller Kuşan we irki orta asyrlar döwrüne degişlidir. Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen Amul galasyndan, Hazarekdepe we Araphana ýadygärliklerinden tapylan heýkeljikler irki döwürlerde hem alabaýlaryň halkymyzyň durmuşynda uly orny eýeländiklerini subut edýär.