Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda gülleýän gül açýan diýarymyzyň her bir güni uly şatlyk, uly toý. Köpasyrlyk taryhyň dowamynda halkymyzyň milli mirasy, gymmatlygy hasaplanylýan türkmen alabaýynyň güni hem gelip ýetdi. Türkmen alabaýy taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda pederlerimizden nesillerimize miras galan milli ýörelgelerimizi, ruhy gymmatlyklarymyzy ýokary derejede kämilleşdirýän, ýurdumyzyň adyny beýgeldip bütin dünýäniň ýüzünde uly gyzyklanma döredýän türkmen alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamakda we olaryň sanlaryny artdyrmakda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda “Türkmenistanyň halk itşynasy” we “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy ” diýen hormatly atlaryň döredilmegi hem
türkmen alabaýlaryny seýislemekde we olaryň şöhratyny dünýä ýaýmakda, ösdürmekde beýik işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda her ýyl türkmen alabaýynyň gününi baýram edip bellemeklik däbe öwrüldi. Bu baýramçylyk mynasybetli sergiler, maslahatlar, türkmen alabaýlarynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri şeýle-de bagşy sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlary, medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän kitaplary halkymyzyň ýan kitabyna öwrüldi. Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby diňe bir türkmen halkynyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem, dünýä halklarynyň hem höwes bilen okap, haýrana goýýan kitaplarynyň birine öwrüldi. “Türkmen alabaýy” atly kitapda alabaýlaryň tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi, alabaýyň medeni gymmatlygyny,
özboluşlylygyny açyp görkezýär.
Ýakynda türkmen alabaýynyň baýramçylygynyň şanyna Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň talyplarynyň arasynda “Türkmen alabaýy milli mirasymyz we buýsanjymyz ” atly bäsleşik sergisi geçirildi. Bu sergide görkezilen köpdürli işlerinde talyp ýaşlar türkmen alabaý itleriniň güýjüni, edermenligini, wepalylygyny has aýdyň beýan edipdirler. Bäsleşikde ýaş suratkeşler eserleriniň nepis we owadan bolmagy üçin reňkleriň we gurluşlaryň özboluşlylygyna aýratyn
ähmiýet beripdirler. Bu sergi bäsleşigi ýaş zehinli, ussat suratkeşleri, nakgaşlary ýüze çykarmaga we saýlap alan kärlerine bolan söýgülerini, höweslerini artdyrmaga giň mümkünçilik döretdi.
“Nakgaşçylyk ” bölüminiň II-ýyl talyby Jennet Kuwwatgeldiýewanyň “Alabaý” eseri.
“Nakgaşçylyk” bölüminiň II-ýyl talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi: Kuwwatgeldiýewa Jennet I-orna, Rejepowa Aýna II-orna, Hojaniýazowa Gözel III-orna mynasyp boldular. “Nakgaşçylyk” bölüminiň III- IV- ýyl talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi: Şeripow Adylhan I- orna, Şerbaýewa Aýjemal II-orna, Bazarowa Bägül III-orna mynasyp boldular.
Sergide ýeňiji bolan talyplara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Heýkeltaraşlyk” we “Nakgaşçylyk ” bölüminiň mugallymlary Myrat Baltaýew, Alymjan Işankulyýew, Babamyrat Garýagdyýew dagylar hünärmenleri taýýarlamaga, halypa-şägirtlik ýoluny kämilleşdirmäge uly ýardam berýärler. Bu “Türkmen alabaýy milli mirasymyz we buýsanjymyz ” atly bäsleşik sergisine gatnaşan mugallymlara we talyp ýaşlara sungat äleminde, işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw
edýäris!
Oguljahan JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.



