SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen agyr atletikaçysy dünýä rekordyny täzeledi

Türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Mätýakubow Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda täze dünýä rekordyny goýup, Watanyna taryhy ýeňiş getirdi. 102 kg agram derejesinde geçirilen ýaryşda Mätýakubow braziliýaly Mateus Pessanýe we müsürli Mahmud Hosni bilen çekeleşikli göreş alyp bardy. Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) habaryna görä, 19 ýaşly Pessanýe itekläp götermekde 215 kg agramy göterip, ilkinji gezek dünýä rekordyny goýdy. Emma bu rekord bary-ýogy iki minut dowam etdi.

Türkmen türgeni Şahzadbek Mätýakubow, Pessanýanyň rekordyny yza süýşürip, 216 kg agramy göterip täze dünýä rekordyny goýdy. Mätýakubow ýaryşda umumylykda 175 kg silkip götermekde, 216 kg itekläp götermekde jemi 391 kg görkezijini gazanyp, üstünligi gazandy. Bu netije onuň öňki iň gowy netijesinden 5 kg ýokary boldy.

Türkmenistanly türgeniň dünýä rekordyny täzelemegi onuň öňden gelýän maksatlarynyň biri bolup, Ispaniýada geçirilen ýaryş onuň ýetginjekleriň arasynda iň soňky ýaryşy bolany üçin, ol bu ýaryşa aýratyn üns bilen taýýarlyk gördi. Mätýakubow, bu ýeňşini Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny belleýän Türkmenistana sowgat hökmünde bagyşlaýandygyny belläp geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: